YKDYSADYÝET

Kabel we sim önümçiligi artýar

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda her aýda izolirlenen örtükli simleriň, izolirlenmedik simleriň onlarça müň metri öndürilýär. Ýokary hilliligi, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan dürli görnüşli kabeller we simler alyjylaryň arasynda uly islege eýe. Önümçilikde esasy çig mal hökmünde alýumin peýdalanylýar. Häzirki wagtda kärhanada howa elektrik geçirijilerinde ulanylýan alýumin geçirijili kabelleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Bu ýerde buýurmalar esasynda önümçilik alnyp barylýar. Kärhananyň işgärleri elektrik gurnama, elektrik hereketlendirijileriň we transformatorlaryň abatlaýyş işlerini, telekommunikasiýa ugurlaryny gurmak we çekmek, senagat gurluşygy işlerini hem ýerine ýetirýärler.

2023-nji ýylda «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasy täze önüm bolan mis geçirijili kabelleriň birnäçe görnüşiniň önümçiligini ýola goýmagy, öndürýän önümleriniň möçberini artdyrmagy, dünýä bazarynda mynasyp orun tapmagy maksat edinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: