Lebapda geçen ýyl öndürilen elektrik energiýasynyň mukdary belli boldy
Lebap welaýatynda hereket edýän döwlet elektrik stansiýalarynda geçen ýylda elektrik energiýasynyň 4 milliard 415,7 million kilowat sagady öndürildi.
Munuň özi öňki ýyl bilen deňeşdirilende 12,8 göterim ösüşiň gazanylandygyny görkezýär.
Bu bolsa senagat kärhanalaryny, ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, onuň belli bir bölegini bolsa daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berdi.