BIZE YAZYARLAR

Ykbaly galkynan ýaşlar

Garaşsyz döwletimizde gün-günden dabaralanýan ýaşlar syýasaty döwrümize, zamanamyza şan getirýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň adyndan hem görnüşi ýaly ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada elmydama günibirin mesele bolmagynda galýar. Şol sanda bu jemgyýetimiziň işjeň bölegi hasaplanýan ýaşlara bildirilýän belent ynamdan nyşandyr. Arzuwlaryň wysala, maksatlaryň myrada gowuşýan galkynyşly günlerimizde Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Watan ogullaryny we gyzlaryny halkymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar.

Ýanwar aýynda möhüm syýasy waka hökmünde şanly ýylymyzyň taryhynda, aňymyzda orun alan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda garalan meselelerdir kabul edilen çözgütleriň ählisi-de gönüden-göni ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda tutuş dünýä nusgalyk işleriň alnyp barylmagy-da ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatymyzdan üzňeliginiň ýokdugyny görkezýär. Şeýle hem ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň has ýokardadygyny, ýaşlar çygrynda kanunçylygyň yzygiderli kämilleşýändigini ýatlamak gerek.

Biz bilimlerimizi kämilleşdirip, özümize bildirilýän belent ynamy ödemek ugrunda gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň öňe ilerlemeginde, Watanymyzyň kuwwatynyň  beýgelmeginde ýaşlara bildiren ynamyny aňryýany bilen ödemegi maksat edinip, ýaş nesle bilim terbiýe bermekde täzeçe çemeleşmeleri, netijeli usullary öz iş tejribämize ornaşdyrmagy dowam etdireris.

 

Aziza Döwranowa,

Dänew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: