JEMGYÝET

Teatrlaryň döredijilik toparlary Lebap welaýatynda bolarlar

 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry 7 — 13-nji noýabr aralygynda Lebap welaýatynyň döredijilik saparlarynda bolarlar. Aşgabatly teatr ussatlary Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda we welaýatyň etraplarynyň medeniýet öýlerinde «Hindi rowaýaty» atly aýdym-sazly, degişmeli oýunlary bilen çykyş ederler. Şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlary 14 — 20-nji noýabr aralygynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, Türkmenabat şäheriniň hem-de etraplaryň döwrebap medeniýet öýlerinde «Aýal doganlar» sahna oýny bilen çykyş ederler.

24 — 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň hem-de etraplarynyň döwrebap medeniýet öýlerinde «Söýgi duralgasy» atly sahna oýnuny we «Geliň, gülşeliň!» atly aýdym-sazly, degişmeli çykyşlaryny teatr muşdaklaryna ýetirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: