JEMGYÝET

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi  jemlenildi. Şu ýyl ikinji gezek geçirilen bu döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda ýaýbaňlandyryldy. 

Bäsleşige halyçylar, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar, neşirýat işiniň hünärmenleri, teleoperatorlar tarapyndan alabaýlara bagyşlanan işleriň birnäçesi hödürlenildi. Her bir eser öz öwüşgini we täsinligi bilen tapawutlanyp, iň oňat işler görnüşlere laýyklykda saýlanyp alyndy.

Eminler topary halyçylaryň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işiniň hünärmenleriniň, teleoperatorlaryň döredijilik eserleriniň arasyndan iň gowularyny seçip alyp, bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: