JEMGYÝET

Awgustda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçiriler

Awgust aýynda Lebap welaýatynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 28-nji iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Geljek aýda diňe bir gündogar sebitde däl, eýsem, bu bäsleşigiň Daşoguz we Mary welaýatlary boýunça hem ýeňijileri belli bolar.

Şeýle hem «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri onuň döwlet tapgyrynda hem çykyş ederler. Lebap welaýatynyň wekiliýetiniň awgust aýynda Daşoguz şäherinde geçiriljek «Garaşsyzlyk ― dillerimiziň dessany» atly festiwala we maslahata hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: