JEMGYÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de şahyr Gözel Şagulyýewa bilen duşuşyk geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, şahyr Gözel Şagulýywa bilen talyplaryň duşuşygy boldy.

Gözel Şagulyýewa institutyň medeniýet merkezinde döredilen Gahrymanlaryň döredijilik otagynda boldy. Bu ýerde TDMI-ni tamamlan we Türkmenistanyň Gahrymanlary diýen ada mynasyp bolan şahyr Gözel Şagulywanyň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýolbaşçysy Çinar Rüstemowanyň talyplyk ýyllary we ondan soňky işleri barada gürrüň berýän suratlar, arhiw resminamalary we beýleki eksponatlary goýlupdyr. Soňra medeniýet merkeziniň zalynda şahyr talyplar bilen duşuşdy. Ol bu ýokary okuw mekdebinde okan ýyllary we döredijilik ýoly barada gürrüň berdi we goşgularyny okady. Duşuşygy lebaply şahyr Agamyrat Soltanow alyp bardy.

Duşuşygyň dowamynda şahyr bilen sorag-jogap alşyldy. Duşuşygyň soňunda talyplardan düzülen ansamblyň konserti boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: