YKDYSADYÝET

TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit önümlerine isleg uly boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri uçar kerosinini we polipropileni satyn aldylar. Şonuň ýaly-da, Owganystanyň telekeçileri ECO-93 kysymly awtobenzini, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bolsa tehniki ýody satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Irlandiýanyň we Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 109 million 250 müň dollaryndan gowrak boldy.

Milli pula Türkiýäniň telekeçileri jemi bahasy 262 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: