Lebap welaýatynyň ähli hojalyklary boýunça mallaryň we guşlaryň baş sany barha artýar.
Bu görkeziji şu ýylyň dekabr aýynyň başyna iri şahly mallar boýunça 527,9 müň başa, dowarlar boýunça 2 million 481,7 müň başa, guşlar boýunça 3 million 913,1 müň başa, düýeler boýunça 5,6 müň başa, gylýallar boýunça 2,8 müň başa barabar boldy.
Olara göreldeli ideg etmegiň hasabyna möhüm önümleri öndürmekde gowy görkezijiler gazanylýar. Has takygy, geçen hasabat döwründe etiň 133,7 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 553 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 217 million sanysy öndürildi. Bu zerur önümleriň esasy böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir.
Munuň özi ýurtda oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin amatly şertleriň döredilýändigi, olara döwletimiz tarapyndan giň goldaw-hemaýatyň berilýändigi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Welaýatyň maldarlary häzirki wagtda jogapkärli döwri başdan geçirýärler. Olar mallary dok we ýyly gyşlatmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu maksat üçin howanyň amatly günlerinde welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda bedäniň 6212,7 tonnasy, gaty baldakly otlaryň 8284,8 tonnasy taýýarlanyldy we olar mallaryň gyşladylýan ýerlerine daşaldy.