Dünýä ýüzünde Türkmenistanda häzir dürli maksatly binalaryň 737-siniň gurluşygy dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda 19-njy martda geçirilen iş maslahatynda habar berildi.

Bu gurluşyklaryň uly toplumy Lebap welaýatynyň çäginde alnyp barylýar. Ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň bellenilýän günlerinde welaýat merkezinde dört gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi açylyp ulanylmaga berildi. Sebitde şu ýyl ýene-de 10 desgany ulanmaga bermek, dürli desgalaryň 17-siniň gurluşygyna badalga bermek meýilleşdirilýär. Täze binalaryň açylyş dabaralary ýurtda uly toýa beslenýär. Olara ýüzlerçe adam gatnaşýar.

Ýer ýüzünde ynsan saglygy bilen bagly çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän günlerinde Türkmenistan ýiti respirator keselleriniň öňüni almakda, onuň ýurda aralaşmagyna böwet bolmakda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Şeýle bolansoň, käbir döwletlerde çykalga hökmünde saýlanyp alnan hereketi çäklendirmek boýunça işler Türkmenistanda saýlanyp alynmady. Häzir ýurduň bilim we terbiýeçilik edaralarynda okuw işleri doly dowam edýär. Milli bahar baýramynyň dabaralaryna müňlerçe adam ýygnandy. Ählihalk bag ekmek çärelerinde ýurtda millionlarça düýp agaç nahallary oturyldy.  Içki howa we demir ýol gatnawlary bellenen tertipde dowam etdirilýär.

Şol bir wagtyň dowamynda saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu işler türkmen metbugaty derejesine çenli göterildi. Teleýaýlymlar, gazet-žurnallar arkaly berilýän öňüni alyş maslahatlary öz oňyn netijesini hem berýär. Häzirki güne çenli Türkmenistanda ýiti respirator keselleri ýokanjy bilen bagly ýekeje ýagdaý hem hasaba alynmady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: