JEMGYÝET

Aşgabatdaky Puşkin mekdebine Mihail Mişustiniň sowgadyny gowşurdylar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr  Blohin Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus mekdebine roýal gowşurdy. Bu Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň sowgadydyr, diýip, «Россия 1» teleýaýlymynyň «Вести» habarlar programmasy habar berýär.

Täze roýalda birinji konserti 9-njy synp okuwçysy Anastasiýa Kosnikowa berdi. Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistana eden iş saparynyň dowamynda Premýer-ministr hut şonuň «Matematika we saz» diýen taslamasyna üns beripdi.

— Bu iş meniň üçin örän gymmatly. Meniň işime Mihail Mişustiniň üns berenine we mekdebimize roýal sowgat edenine men begenýärin. Bu meniň mundan beýläk hem ösmegime  itergi berer — diýip, Anastasiýa Kosnikowa «Вести»-niň habarçysyna aýtdy.

Aşgabatdaky bilelikdäki A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus umumy bilim berýän mekdebi 2002-nji ýyldan bäri işleýär. Ol Türkmenistanyň we Russiýanyň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga laýyklykda açyldy. Onuň uçurymlaryna russiýanyň nusgasynaky attestat gowşurylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: