YKDYSADYÝET

«Guwluduz» kärhanasynda geçen ýylyň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlumaýak şäherçesindäki «Guwluduz» kärhanasynda geçen ýyl gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 96 müň 480 tonna barabar boldy. Netijede ýyllyk meýilnamada görkezileninden 3,5 müň tonna golaý önüm artyk alyndy.

«Guwluduzyň» çig mal gorlarynyň umumy mukdary 40 million tonnadan geçýär. Bu kärhanada sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji bolup, duzy ýodlaşdyrmak ýola goýuldy.

Kärhanada geçen ýyl önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky tabşyryga 157 göterim hötde gelindi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: