JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi gurulýar

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çäginde işleýiş we rahat ýaşaýyş gurşawyny döretmäge niýetlenen binalardyr desgalar toplumyny gurmak boýunça uly işler alnyp barylýar, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Gurluşyk üçin umumy meýdany 1000 gektardan gowrak ýer bölünip berlipdir. Gurluşyk iki tapgyrda amala aşyrylýar, birinji tapgyr takmynan 700 gektar meýdany tutýar. Bu ýerde 336 desga bolup, şol sanda 258 ýaşaýyş jaýy, 64 edara binasy we inženerçilik infrastrukturasy bilen baglanyşykly 14 desga gurulýar.

Häzirki wagtda ähli desgalarda gurluşyk we gurnama işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Işe 500-den gowrak tehniki enjam we 15000-den gowrak dürli hünärli gurluşykçy gatnaşýar.

Ikinji tapgyryň gurluşygynda jemi 151 desga gurmak meýilleşdirilýär, şolaryň 126-sy ýaşaýyş şertleri oňaýly bolan dürli gatly jaýlar, 19 sanysy durmuş we jemgyýetçilik maksatly desgalar we 6-sy bolsa inženerçilik binalarydyr.

Dolandyryş merkezi döredilende, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrýan şäher gurluşygynyň we hyzmatlarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýän ösen maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalaryny we ýeke-täk ekosistemany emele getiriji özara ulgama girýän zatlary birleşdirmäge esaslanýan «akylly» şäher düşünjesiniň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: