YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň howa giňişliginden her gün 150 uçar geçýär

Her günde Türkmenabat Halkara howa menziliniň howa giňişliginden daşary ýurt uçarlarynyň 150-den gowragy uçup geçýär. Bu barada welaýat neşirinde ýazylan makalada mälim edildi.

Menziliň dispetçerleri şolaryň ählisi bilen habarlaşyp, uçuşlaryň tertibini gözegçilikde saklaýarlar.

Neşiriň ýazyşy ýaly, bir howa ýolundan biri-biri bilen garşylyklaýyn uçýan uçarlaryň aralygy dikligine 300 metrden az bolmaly däl. Uçarlar bile bir ugra uçanlarynda bolsa aralyk 600 metrden ýokary bolmaly. Howa gämileriniň islendigi hem ýerden 6 müň metrden az bolmadyk belentlikde uçýar. Has uzaklara barýan halkara uçarlaryň käbiri bolsa 14-15 müň metr belentlikde hereket edýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenabadyň we Kerkiniň Halkara howa menzillerinde daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary tehniki gonuşlary hem amala aşyrýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: