YKDYSADYÝET

Meýilnama 141 göterim amal edildi

Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat gelin-gyzlary üstümizdäki ýylyň ýedi aýynda dürli ölçegdäki umumy meýdany 1 müň 332 inedördül metre barabar bolan haly önümlerini dokadylar we meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Şu döwürde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bu öňdebaryjy kärhanasynda pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi bolsa 3 million 578 müň manatlyga golaýlady. Bu görkeziji bu baradaky meýilnamanyň 141 göterim amal edilendigi görkezýär. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: