JEMGYÝET

Täze ýylda «Поле чудес» «Birinji kanalda» galar

Ýanwar aýyndan «Поле чудес»-i özbaşdak çykaryp başlajak «Birinji kanal» we ony öň goýberen «ВИД» telekompaniýasy görkezilişiň taryhy adyny saklap galmak barada karara geldiler. Programmany, öňküsi ýaly, Leonid Ýakubowiç alyp barar. Metbugat gullugynda taslamanyň «Birinji kanalyň» taryhynyň bir bölegidigini bellediler, diýip «mail.ru» ýazýar.

Bulardan başga-da, kanal we telekompaniýa programmanyň beýleki kanallarda görkezilmejekdigi barada şertleşdiler. «ВИД» «Birinji kanala» bir ýarym goýberilişden durýan arhiwiniň hemmesini berer.

Noýabryň ahyrynda «Birinji kanalyň» «ВИД» bilen kontraktyny uzaltmajakdygy belli boldy. Kanalda «üýtgän şertlerde kanala teklip edilen şertlerde» täze şertnamanyň baglaşylmagynyň maksada laýyk däldigini bellediler.

«РБК»-niň media bazaryndaky çeşmesi «Birinji kanal» üçin «ВИД»-iň täze şertleri bilen ylalaşandan, «CSB»-den resmi hukugy satyn alanynyň peýdalydygyny belledi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, telekompaniýa satuw bahasyny 30% ýokarlandyrypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: