• Wed. Sep 30th, 2020

Ýollarda abatlaýyş işleri geçirilýär

Aug 8, 2020

Lebap welaýat häkimliginiň awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginiň Dänew etrap ýol ulanyş bölüminiň işgärleri Seýdi şäheriniň ýanynda demir ýoluň üstünden geçýän köprä barýan ýola asfalt düşemek işini alyp barýarlar.
Bu desga Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň buýurmasy esasynda gurulýar we demir ýoluň üstünden geçýän köprä çenli aralyk 2 kilometre barabardyr. Uzynlygy 50 metre golaý bolan köprini asfaltlamak işi hem ýol gurluşykçylaryna tabşyryldy.
Dänew etrap ýol ulanyş bölüminiň hünärmenleri etrabyň çäginden geçýän ýollary abatlamak işlerini göz öňünde tutulan möçberlerde alyp barýarlar. Olar «Türkmenabat — Gazojak» ýolunyň hem 15 kilometrliginde abatlaýyş işlerini geçirmegi hem göz öňünde tutýarlar.
Şu wagta çenli meýilleşdirilen işleriň agramly bölegi üstünlikli ýerine ýetirildi.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: