JEMGYÝET

Baýramçylyk şatlygy goşa-goşadan

Täze ýyl ― egsilmez şatlygyň baýramy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. 2021-nji we 2022-nji ýyllaryň sepgidindäki baýramçylyk günleri hem şeýle ýakymly pursatlara beslenýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 25-nji dekabrdan 31-nji dekabra çenli aralykda yglan edilen «Sahawatly söwda» atly arzanladyş çäresi ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Bu çäräniň Lebap welaýatyndaky merkezi «Lebap» söwda-dynç alyş merkezi boldy. Häzirki günlerde merkezdäki dükanlarda bu arzanladyş çäresi giň gerim bilen dowam edýär.

Merkezde ilata hödürlenilýän harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilen harytlar bolmagy, asyl hem, olaryň elýeterli bahadan satylmagyna şert döredýär. Şu günlerdäki arzanladyş çäresi bolsa bu elýeterliligi has-da artdyrýar.

Baýramçylyk günlerinde, has takygy, 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda ýurdumyzda awtobuslaryň hem mugt hyzmat berjekdigi baýramçylyk şatlygymyzy artdyran başga bir ýakymly başlangyç boldy. Nesip bolsa, milli Liderimiziň taýsyz sahawaty bilen baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiz jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanar. Baýramçylyk günlerinde bagtyýar watandaşlarymyza döredip berýän şeýle ýeňillikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Aziza BABAMYRADOWA,

Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: