Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de halkara maslahat geçirildi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň bir ýyllygy we Halkara güni mynasybetli «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimini öwretmekde zenan alymlaryň ylmy işleriniň dabaralandyrylyşy» atly sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplaryndan başga-da, ýurdumyzyň we Özbegistanyň baýry bilim ojaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata sanly ulgam arkaly birigip çykyş edenleriň arasynda Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň dil fakultetiniň dekany, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor Şahzoda Abdullaýewa hem bar. Ol çykyşyny Özbegistanda ylmyň we bilimiň ösüşinde aýallaryň deňhukuklylygyna bagyşlady. Şol uniwersitetiň ýörite pedagogika we inklýuziw bilim fakultetiniň dekany, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, professor Dilbar Nurkeldiýewa bolsa goňşy döwletiň ýokary bilim ulgamynda ýörite mugallymlary taýýarlamaga bagyşlanan nutuk bilen çykyş etdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ýurdumyzda başlangyç bilimiň ösüşiniň ylmy esaslaryna, sagdyn durmuş ýörelgelerine, zenanlaryň hukuklary baradaky halkara hukuknamalara, maddy medeniýetimizdäki ekologik düşünjelere we başga-da köpsanly ugurlara bagyşlanan nutuklar bilen çykyş etdiler. Maslahatyň işine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri we Türkmen oba hojalyk institutlarynyň mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar.