YKDYSADYÝET

Ilat ýokary hilli tüwi bilen üpjün edilýär

«Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi öndürilýän kärhanada şu ýylyň başyndan bäri 13 müň 600 tonnadan gowrak tüwi we tüwi ýarmasy öndürildi.

Kärhanada önümleriň galyndysyz gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde önümçilik bölümleriniň ählisinde bellenilen meýilnamalar üstünlikli berjaý edildi. Häzirki wagta çenli kärhana boýunça öndürilen önümleriň pul möçberi 18 million 85 müň manada barabar boldy. Ýöriteleşdirilen dükanlarynyň ikisinde kärhanada öndürilen dürli görnüşli önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: