BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Şu gün bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumyny gurmak «Nahal» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. 2023-2024-nji okuw ýylyndan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berip başlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: