BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fijital-futbol boýunça ýaryş geçirildi

 Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda talyplaryň arasynda fijital-futbol boýunça ýaryşlar geçirildi.

 Oňa talyplaryndan düzülen toparlaryň 8-si gatnaşdy. 

 Onda tebigy bilimleri fakultetiniň talyplaryndan düzülen toparyň agzalary ynamly ýeňiş gazandylar. Ikinji we üçünji orunlary bolsa, degişlilikde, takyk bilimleri fakultetiniň we pedagogika fakultetiniň bedenterbiýe hünäriniň toparlary eýelediler.

 Ýeňiji bolan toparlara institutyň sport kluby tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.