YKDYSADYÝET

Türkmenabat şäherinde täze açylan ýaşaýyş toplumyny döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we hususy gurluşyk kompaniýalary bilelikde gurdylar

«Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy, «Demirbetonkonstruksiýa», «Demirbetonönümleri» kärhanalary, «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk-gurnama müdirligi Türkmenabat şäherinde täze açylan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň köp gatly jaýlaryň we kottejleriň baş potratçylary bolup çykyş etdiler.

Gurluşyk işlerinde olara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ― hususy gurluşyk kompaniýalary hem ýakyndan ýardam berdiler. Has takygy, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda «Asyl ýurt» hususy kärhanasy «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy bilen (3 jaý), «Gadymy nagyş» hususy kärhanasy «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasy bilen (2 jaý), «Demir gap» hususy kärhanasy «Demirbetonönümleri» kärhanasy bilen (2 jaý) hyzmatdaşlykda işledi. Köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisini baş potratçylar kömekçi tarapy ulanmasyzdan amala aşyrdylar. Galan jaýlaryň gurluşygynda bolsa «Ak diwar», «Şöhratly zamana», «Gök ýaprak», «Behişdi ülke» we «Ýeňişli ýollar» hususy kärhanalary baş potratçylara ýardam berdiler.

Bu toplumda açylyp, ulanylmaga berlen kottejleriň 20-sini «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy «Döwletli öý» hususy kärhanasy bilen, ýene şonçasyny «Demirbetonönümleri» kärhanasy öz gurluşykçylary bilen gurdy. Galan 30 kottejiň gurluşygynda bolsa «Bäş ussat», «Ak diwar» we «Bagtyýar zaman» hususy kärhanalary baş potratçy «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasyna ýardam berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: