YKDYSADYÝET

Hususy kärhanalar gurluşyk önümlerini öndürýärler

Lebap welaýatynda gurluşyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň 50-ä golaýy hereket edýär. Olar kerpiç, demirbeton sütünleri, binýatlyk bloklary, bezeg plitalary, aýna, hek we başga-da zerur önümler bilen gurluşyk meýdançalaryny üpjün edýärler, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

«Sogap işi», «Asyl baýat», «Gudratly nesil», «Bereketli güýz», «Demirgazyk ýyldyzy», «Allaberen towça», «Gudratly nesil» ýaly hususy kärhanalar ilatyň hoşallygyna mynasyp bolýarlar. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi üçin döredilen amatly şertler hususyýetçileriň möhüm ugurlarda öz işlerini ýaýbaňlandyrmaklaryna giň ýol açýar. Dänew etrabynyň Ödeý geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Sogap işi» hususy kärhanasy hem indi 7 ýyldan gowrak wagt bäri kerpiç öndürmek bilen meşgullanýar. Kärhananyň ýolbaşçysy Rahmet Öwezow hut geçen ýylda 508 müň 200 manatlykdan gowrak önümiň ýerleşdirilendigini aýdýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: