SPORT WE SYÝAHAT

Täze Habib bilen braziliýaly Bernsiň tutluşygy aprelde bolar

Şwesiýaly garyşyk stilde göreşýän (MMA) Täze Habib lakamly Hamzat Çimaýew «UFC 273» turnirinde braziliýaly Gilbert Berns bilen göreşer. Bu barada «BJPenn» habar berýär diýip, «lenta.ru» ýazýar.

Tutluşyk 9-njy aprelde geçiriler. Aleks Wolkanowskiniň we Çon Çhan Sonuň, şonuň ýaly-da Pýotr Ýanyň we Aljameýn Sterlingiň arasyndaky göreşler hem şol agşamky tutluşyklaryň esasy wakalary bolar. 10-njy ýanwarda Çimaýew «UFC»-niň baştutanyny bir agşamda iki tutluşyk guramagy haýyş etdi. Ol oýun etmeýändigini, yzygider birnäçe tutluşyklary geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Çeçenliniň «UFC»-daky soňky garşydaşy hytaýly türgen Li Szinýan boludpy. Şonda tutluşyk birinji raundda Çimaýewiň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: