BIZE YAZYARLAR

Okuw-usuly maslahat üstünlikli geçdi.

   ,,Saz  mugallymy  çagalaryň  sungat  bilen  berk  gatnaşykda  bolup,  olaryň  gözelligi we şatlygy duýmaklaryny,  kanagatlanmalarynyň  berjaý  bolmagyny kämilleşdirýär, endikleriniň  başarnyklarynyň  işjeňliginiň  we  özbaşdaklygynyň  ýüze  çykmagyny  gazanmaga  çalyşýar” diýip mähriban Arkadagymyz örän ýerlikli belleýär. Çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerinde bilim alýan we hünär öwrenýän çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, olarda aýdym-saz sungatyna bolan söýgini döredip, saýlap alan hünäriniň ussatlary bolup ýetişmekde olary dogry ýola gönükdirmek elbetde mugallymlaryň paýyna düşýär. Şonuň üçin hem Lebap welaýatynyň çagalar sungat mekdebinde çagalara saz bilimini bermegiň täze usullaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ähli hünärlerden bilim berýän mugallymlar bilen okuw-usuly maslahatlary yzygiderli geçirilip durýar. Ýakynda welaýatymyzyň dürli etrap we şäherleriniň sazçylyk mekdeplerinde “Saz nazaryýeti” dersinden bilim berýän mugallymlaryň gatnaşmagynda okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatda sapaklary gyzykly, täsirli we netijeli geçmek üçin täze usullary oýlap tapmak barada birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem bu babatda welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary çykyş etdiler. Mugallym Dorogowanyň ”Solfejio dersinde häzirki zaman tehnologiýa enjamlaryndan peýdalanmak”, Amandurdyýewa Aýnanyň “Kwinta aýlawy”, Çaryýewa Şirin mugallymyň “Solfejio dersinde wokal intonasiýa gönükmeler” diýen temalar boýunça çykyşlary giň mazmunly we täsirli boldy.

Men öz çykyşyma “Saz edebiýaty dersinde bilim bermegiň adaty däl usullary” diýen temany saýlap aldym. Bu ilkinji nobatda sapagyň geçiş prosesine kompýuter tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan. Häzirki döwürde saz edebiýaty sapagy bu çagalarda gyzyklanma döredip bilýän täze pedagogiki usullary özünde jemleýän sapak bolmalydyr. Elbetde sapagyň netijeliligini gazanmak üçin mugallym özüniň döredijilik ukyp-başarnyklaryny görkezmelidir. Saz edebiýaty sapagy munuň üçin ajaýyp pursatdyr. Sebäbi sapakda kompozitorlaryň durmuşy, olaryň döreden eserleri barada maglumatlar gaty köp.

    Çagalara berilýän bilimiň netijeli özleşdirilmegi üçin ilkinji nobatda olaryň sapagyň dowamynda işjeň gatnaşmagyny gazanmaly. Olar häzirki zaman bilim strategiýasyna laýyklykda possiw diňleýjiniň rolundan çykyp, okuw prosessiniň işjeň agzasyna öwrülmeli. Bu ýagdaýda kompýuter tehnologiýalary mugallymlara dürli görnüşli innowasion görkezme esbaplary, oýunlary, prezentasiýalary işläp taýýarlamakda  uly ýardamçy bolup hyzmat edýär. Men öz çykyşymda mugallymçylyk tejribämde kompýuter tehnologiýasyny ulanmak arkaly sapak prosessinde ulanýan birnäçe usullarymy mugallymlar bilen paýlaşdym. Üstünlikli geçen maslahata gatnaşan mugallymlar üçin çagalar sungat mekdeplerinde döwrebap bilim bermegiň täze usullarynyň gözleginde bolup, sapaklaryň has-da täsirliligini we netijeliligini artdyrmak babatynda bu okuw-usuly maslahat ähmiýetli boldy.

Lebap welaýatynyň çagalar sungat

mekdebiniň mugallymy  Hojanazarowa Zulfiýa.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: