Täze gäminiň ýanyndan «Titanigem» kiçijik bolup görner
Uzynlygy 300 metre barabar edilip taslamalaşdyrylan we 13 gatly «ylmy gurşaw diýlip atlandyrylan «Earth 300» gämisi «Iddes Yachts»-niň esaslandyryjysy, harby-deňiň arhitektory Iwan Salas Jefferson tarapyndan dünýä ylmynyň öňde baryjysy hökmünde işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada «hi-tech.news» saýty ýazýar.
Gämide barlaglary geçirmek üçin 22 sany barlamhana, öňe çykyp duran gözegçilik meýdançasy bolar. Onda onlarça beýleki ekspertler we barlag geçirýän talyplar bilen bilelikde 160 sany alym, 164 sany gämini dolandyrýan ekipažyň agzalary ýerleşer. Bulardan başga-da, «VIP-myhmanlar» üçin 40 sany goşmaça kaýutalar göz öňüne tutulan. Iň esasy zat bolsa, «Earth 300» arassa ýader energiýasynda işleýär. Çaklamalara görä, gäminiň bahasy 500 milliondan 700 million çenli dollara barabar bolar. Onuň hemaýatkärleriniň arasynda «IBM», «Triton Submarines», «EYOS Expeditions» и deňizdäki howpsuzlygyň halkara lideri «RINA» bar.