DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bilelikdäki kompaniýa täze uçar hereketlendirijisiniň üstünde işleýär

«CFM International» fransuz-amerikan kompaniýasy işlenen gazyň çykarylyşynyň mukdaryny 20% kemeltjek pes uglerodly uçar hereketlendirijisiniň üstünde işleýär. Bu barada «hi-tech.news» saýty ýazýar.

Kompaniýada taslamanyň ýangyjyň ulanylyşyny we daşky gurşaw üçin zyýanly bolan işlenen gazlaryň çykarylyşyny 20% azaltjakdygyny aýdýarlar. Şol bir wagtyň özünde onuň uçary çekişi, güýji we tizlendiriji beýleki hereketlendirijileriňki ýaly bolar. Uçarlaryň çykarýan gazlary tebigata alymlaryň şu wagta çenli çaklanlaryndan köp zyýan ýetirýär eken. Howa üsti bilen gatnadyjylar global ýylylygyň artmagynyň 5%-e jogapkärçilik çekýärler. Olaryň mundaky paýy bolsa artmak bilen. Täze hereketlendiriji bu zyýany azaltmaga ýardam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: