DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

14 ýaşda uçurym boldy

Dogry, 14 ýaşda orta mekdepden hem uçurym bolmaga ýetişemzok. Hindistanyň Haýdarabat şäherinde ýaşaýan Agastýa Jaýswal bolsa şu ýaşda uniwersitetiň uçurymy boldy.
Has takygy, ol Osmanly uniwersitetini tamamlap, umumy kommunikasiýa we žurnalistika boýunça bakalawr diplomyny aldy.
Ýöne dünýä metbugatynda berilýän habarlarda Agastýanyň başga ugurlar boýunça hem örän ýiti zehininiň bardygy aýdylýar. Hatda ol stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça döwlet derejesindäki ýaryşlara hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Onuň iki eli bilen hem ussatlyk bilen tennis oýnaýşy görenleri haýran galdyrdy.
«Men 14 ýaşda bakalawr derejesini gazanan ilkinji hindistanly boldum» diýip, guwanjyny paýlaşan ýigdekçe geljekde lukman bolmagy hem arzuw edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply