DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Geçmişiň ýakymsyz galyndysy

Diňe bir Italiýanyň däl, tutuş Ýewropanyň öňdebaryjy futbol toparlarynyň biri bolan «Romanyň» bazasyndan Ikinji jahan urşy döwründe partlaman galan 20 sany snarýad tapyldy.
«Ikinji jahan urşuna degişli snarýadlar Trigoriýadaky bazamyzdan tapyldy. Ony seresaplylyk bilen alyp, degişli ýerine tabşyran Italiýa goşunyna we onuň sapýorlar otrýadyna uly sagbolsun aýdýarys» diýlip, klubyň «Twitterdäki» resmi sahypasynda ýazylýar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýazylyşy ýaly, snarýadlar türgenleşik meýdançalarynyň gözden geçirilýän pursatynda tapylypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply