«Täsin hasyl» hojalyk jemgyýeti geçen ýyl öndüren önümleriniň hemmesini daşary ýurtlara iberdi

Işini Çärjew etrabynda alyp barýan «Täsin hasyl» hojalyk jemgyýeti geçen ýyl öndüren önümleriniň hemmesini daşary ýurtlara iberdi. Bu ýerde «Täsin mastik» ady bilen «MBK G-55» belgili bitumly mastika we «BH» tipli suwuk bitumly emulsion mastika çykarylýar.

Geçen ýyl hojalyk jemgyýetinde «MBK G-55» belgili bitumly mastikasynyň 1050 tonnadan gowragy we «BH» tipli suwuk bitumly emulsion mastikasynyň 1251 tonna ýakyny öndürildi. Harytlaryň hemmesi Azerbaýjana we Özbegistana eksport edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector