YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen ýyl piwonyň öndürilişini artdyrdylar

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen ýyl 2021-nji ýyldakydan köp piwo öndürdiler. Olar söwda nokatlaryna bu önümiň 95,5 müň dekalitrine ýakynyny iberdiler. Bu görkeziji ondan öňki ýyldakydan iki esseden hem köp piwo çykarylandygyndan habar berýär.

Bu içgini öndürmekde «Rysgally dowamatly ýol» hususy kärhanasynda has uly öňe gidişlikler gazanyldy. Geçen ýyl ilata hödürlenen önümiň aglaba bölegi şu kärhananyň paýyna düşýär. Has takygy, «Rysgally dowamatly ýol»-da bu önümiň 65 müň dekalitri öndürildi. Bu onuň ondan öňki ýyldaky görkezijisinden 45,5 müň dekalitr köpdir.

«Mahmal» hususy kärhanasynda 4 müň dekalitrden gowrak, «Leýli Atabeg» hususy kärhanasynda 12,5 müň dekalitrden gowrak, «Sümmül» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde 14 müň dekalitre ýakyn piwo öndürildi. Olaryň ählisinde hem geçen ýyldakydan köp önüm öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: