JEMGYÝET

«Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy ýene bir döredijilik bäsleşigini yglan etdi

«Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy şu ýylyň başyndan bäri ikinji döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Ol «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýlip atlandyrylýar. Bu gezekki bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy hem-de üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli yglan edildi.

 Döredijilik bäsleşigi makalalar, hekaýalar, goşgular žanrlary boýunça geçirilýär. Bäsleşige iberilen materiallaryň 2023-nji ýylyň dekabryna çenli kabul ediljekdigi we gowularynyň gazetiň sahypalarynda çap ediljekdigi habar berilýär. Bäsleşigiň jemi Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda jemleniler we onuň ýeňijilerine bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: