Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Lebap welaýatynyň telekeçileri 170 tonna gowrak et öndürdiler

Oct 5, 2021

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen dokuz aýyň dowamynda 170 tonnadan gowrak et öndürdiler.

Maldarlaryň arasynda Alişer Sultanow has hem tapawutlandy. Onuň bazara çykaran etiniň mukdary 32 tonnadan geçdi. Jemile Alymowa bolsa 17 tonna 250 kilogram eti alyjylara ýetirdi. Täji Täjiýewiň tabşyran eti bolsa 11 tonna ýakynlady.

Häzir welaýat boýunça hususyýetçileriň ýetmişisi maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. Olar jemi 4760-dan gowrak iri şahly we  9 müňden gowrak maýda mallary  idedýärler. Telekeçiler semretmek bilen bir hatarda olaryň baş sanyny köpeltmegiň ugrunda hem aladalanýarlar. Bu bolsa ýylsaýyn etiň öndürilýän mukdarynyň artmagyna şert döredýär. Geçen ýylyň degişli döwründe bu önümiň 52 tonnadan gowragynyň öndürilendigi bu aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Adblock
detector