DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Taryhy galanyň bahasy 1 funt

«The Scottish Sun» neşiri Şotlandiýanyň Arbrot şäheriniň merkezinde ýerleşýän Elms atly taryhy galanyň galyndylaryna bary-ýogy 1 funt nyrh kesilýändigini habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, durkuny täzelemek işleri örän köp çykdajy talap etjek galanyň hyrydarlary onçakly köp däl. Üstesine-de gala ýurtdaky weýran bolmaga ýakyn desgalaryň sanawyna hem girizilendir. Galanyň ilkinji gezek auksiona 17-nji iýulda çykarylar. Onuň eýesinden galany asylky durkuna getirmek talap ediljek.

XIX asyra degişli bolan bu gala ilki myhmanhana, soňra bolsa çagalar öýi hökmünde peýdalanylypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: