Buzgaýmak bazarynda gyzgyn söwda
Soňky ýyllarda dünýä bazarynda buzgaýmak söwdasynyň güýçli ösüş gazanýandygy nazarlary özüne çekýär. Bilermen ýakyn ýyllarda buzgaýmak söwdasynyň häzirkisinden-de 4 ― 8 göterim ösmegine garaşýarlar.
Maglumatlara görä, Ýer ýüzünde 2018-nji ýylda 58 milliard dollarlyk buzgaýmak söwdasy bolupdyr. «Statistanyň» çaklamalaryna görä, 2024-nji ýyla çenli onuň söwdasy 75 milliard dollara çenli öser. «IMARC Group» atly başga bir statistiki gurluş bolsa, eýýäm 2022-nji ýylda dünýäde 78 milliard dollarlyk buzgaýmak söwdasynyň boljakdygyny aýdýar.
Geçen ýyl döwletleriň arasynda 4,1 milliard dollarlyk buzgaýmak eksport edilipdir. Bu datly iýmiti iň kän mukdarda eksport eden döwlet 557 million dollarlyk söwda bilen Fransiýadyr. Şeýle hem geçen ýyl nemes kompaniýalary 556 million, Belgiýa 423 million, Gollandiýa 315 million, ABŞ bolsa 250 million dollarlyk buzgaýmagy daşary ýurtlara eksport edipdirler.