YKDYSADYÝET

Geçen 5 aýda guýularyň 20-si bejerildi

«Lebapgazçykaryş» müdirliginde şu ýylyň geçen bäş aýynda gaz känlerinde önüm bermegini bes eden guýularyň 20-sinde bejermek bilen baglanyşykly işler ýerine ýetirildi.

Bu meýilnamada göz öňünde tutulanyndan alty guýy kändir. Şeýle işler Malaý, Kükürtli, Kerpiçli, Böwrüdeşik känlerinde üstünlikli geçirildi. Netijede tebigy gazyň 110 müň kubmetrden gowragy goşmaça gazylyp alyndy.

Müdirligiň özleşdirýän känlerinden tebigy gazdan daşary  gaz kondensaty hem alynýar..

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: