Tebigat bilen ynsanyň arasyndaky aragatnaşyk öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Tebigat ençeme asyrlaryň dowamynda öz maddy gymmatlyklaryny, genji-hazynasyny adamlara jomartlyk bilen eçilip gelýär. Ata-babalarymyz tebigata ynsanyň oňaýly täsiriniň, mähirli gatnaşyklarynyň zerurdygyna düşünip, tebigatyň suw, toprak, howa, ösümlik, haýwanat dünýäsi we beýleki baýlyklarynyň janly organizmleriň ýaşamagy üçin gerekdigini, olary rejeli ulanyp, gorap saklamagyň möhümdigini ýaşlaryň aňyna berk ornaşdyrmaga çalyşypdyrlar we ony başarypdyrlar. Bu mesele halk döredijiliginiň ähli görnüşlerinde, nusgawy şahyrlaryň goşgularynda öz beýanyny tapypdyr. Tebigat, onuň baýlyklary, olary rejeli ulanyp, gorap saklamagyň zerurlygy, tebigat ylmynyň kanunlary we kanunalaýyklary baradaky maglumatlar watançy, tebigaty söýüji şahyr Magtymguly Pyragynyň hem durmuşynyň ähli ugurlary bilen baglanyşykly ýazan şygyrlaryna siňipdir.
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldarydyr, bütin gündogaryň parlak ýyldyzydyr. Onuň halka ýüzlenip döreden eserleri örän köpdir. Onuň döredijiliginde ata Watany söýmek, däp-dessurlara we ynsan şahsyýetine uly hormat goýmak uly orun eýeleýär. Ata watanyň gözel tebigaty onuň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär. Tebigy gurşawyň owadanlygyna teşne bolan Magtymguly Pyragy onuň hudaý tarapynda dörändigine uly ynam bildirýär.
Tebigat dag, suw, toprak, ýeriň üsti (relýefi), howa, ösümlik , haýwanat dünýäsi ýaly düzüjilerden (komponentlerden) durýar. Şahyr öz şygyrlarynda şularyň ählisiniň gurluşyny, aýratynlyklaryny, gözelliklerini guwanç bilen wasp etmegi başarypdyr. Beýik şahyryň «Dag saýar», «Duman göterler», «Zemin batar», «Bolar sen», «Dünýä goluňdan», «Gara daşdan aýrylsa», «Atly ýaranlar», «Bolsun Pyragy» we beýleki şygyrlarynda daglaryň, topragyň emele gelşini, olaryň ewolýusiýasyny, ýeriň birnäçe gatlaklardan durýandygyny belläpdir. Magtymguly Pyragy tebigatyň gözelliklerini we esasanam, daglary ussatlyk bilen wasp edýär. Mysal üçin, şahyryň «Dag saýar» diýen goşgusynda: «Daglar ýeriň myhydyr» diýip, daglaryň myh ýaly berk, gaty jynslardan emele gelendigini, olaryň ýeriň özeni hasaplanýandygyny beýan edýän bolsa, «Zemin batar» diýen goşgy setirlerinde:
Boz dumanly beýik daglar,
Garraýyp zemine batar —
diýmek bilen, geologiýa ylymyndan belli bolşy ýaly, garry hem-de ýaş daglary tapawutlandyrmagy we olaryň çöküp, ýer bilen deňleşjekdigini düşündirmegi başarypdyr. Şahyr «Bolar sen» hem-de «Gara daşdan aýrylsa» diýen goşgularynda:
Belent daglar, beýikligiňe buýsanma,
Güdazda suw bolan zer dek bolar sen.
Ýa-da
Gara dagly, seri duman bu daglar,
Toprak bolar, gara daşdan aýrylsa-
diýip, daglaryň ençeme ýyllaryň geçmegi bilen ýumrulyp, dargap, altyn eredilýän gapda ereýän altyn bölegi ýaly kiçelip gitjekdigini we topraga öwrüljekdigini belläp geçýär. Onuň bu pikirleri geografiýa ylymynda ündelýän ähli zat wagtda hem-de giňişlikde üýtgeýär diýen pikire gabat gelýär. Bularyň hemmesi Magtymguly Pyragynyň dagyň topragyň gurluşy we ýer hakyndaky biliminiň örän çuňňurdygyna şaýatlyk edýär. Magtymguly öz şygyrlarynda diňe bir daglaryň emele gelşi, wagtyň geçmegi bilen üýtgeýşi, onda bolup geçýän hadysalar barada ýazman , olaryň gözelligine guwanypdyr, onda ýaşaýan janly-jandarlar barada hem maglumat beripdir. Oňa şahyryň “Hasar dagyndadyr” diýen goşgusynda:
Hasar dagy beýik bolar,
Üsti doly keýik bolar,
Mergenlere seýik bolar,
Barsaň hasar dagyndadyr.-
diýen setirleri mysal bolup biler.
Magtymguly Pyragy diňe bir öz ýurdynyň daglaryny dälde, çöllerini hem uly söýgi bilen wasp edipdir. Ol «Türkmeniň» diýen goşgusynda:
Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.-
diýmek bilen, öz ýurdynyň çölüni, onuň her dürli güllere bürenen bahar paslyny, çölüň ähli giňişligini özünde jemläp, äwmezlik bilen hereket edýän ner-maýalaryny buýsanç bilen wasp edýär. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda tebigatyň iň bir gymmatly baýlyklarynyň biri bolan ösümlikler baradaky maglumatlara aýratyn orun berilmegi, onuň öz ýaşaýan ýurdynyň ösümlik baýlygynyň jany teni bilen söýýänligine, onuň diňe bir ösümlikleriň dürli görnüşleriniň dürli görnüşleri hakda däl, olaryň biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, geografik ýaýraýyşlary, tebigatda we adamyň durmuşynda ulanylyşlary, daşky gurşaw bilen baglanyşygy barada hem çuňňur ylmynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Şahyryň «Gara reň bolar» atly goşgusynda:
Hozuň daş postuny, azergun güli,
Suwun saça çalsaň, gara reň bolar.
Içiň şerden sakla, gybatdan dili,
Saklamasaň köňül gözgiň bolar —
diýip, hoz agajynyň gabygynyň hem-de gyzyl gülälegiň gülleriniň reňk berijilik häsiýetini, olaryň boýag almakdaky ähmiýetini görkezýär. Şahyryň özüniň «Gidiji bolma» we «Läle getirmiş» diýen goşgy setirlerinde bolsa:
Nem düşmese gökden, ýer neý götermez,
Ýygylsa müň gaýgy, bir iş bitirmez,
ýa-da:
Asmandan nur ýagsa, minnewwer bolar,
Zemin ýaşyl geýip, läle getirmiş —
diýip, ösümlikleriň gögerip çykmagy, ösmegi, boý almagy we hasyl bermegi üçin ygalyň zerurlygyny görkezýär. Şahyry ösümlikleriň arasynda bezeg üçin ulanylýan hem-de dermanlyk görnüşleri has hem özüne çekipdir. Ol öz şygyrlarynda pasyllaryň soltany bolan bahary, tebigatyň ýaraşygy bolan gülleri, dermanlyk ösümlikleri ussatlyk bilen wasp edipdir.
Ýurdunyň uly haýwanat dünýäsine sarpa goýýanlygy sebäpli, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ençemesi dogduk Diýarynyň haýwanat dünýäsine, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna, ýaşaýşyna, ýaýraýşyna, ähmiýetine we olary gorap saklamagyň möhümligine bagyşlanypdyr. Ony şahyryň «Jan içinde», «Başy gerekdir», «Gözlär men», «Hasar dagy», «Gökje kepderi» we beýleki şygyrlaryny okanyňda göz ýetirmek bolýar. Nusgawy şahyrymyz özüniň «Gökje kepderi» atly goşgusynda bir kepderini laçynyň iýjek bolup, kowalap gelýän wagty, onuň Hezret Alynyň ýanyna baryp, özüni halas etmegi haýyş edendigi we Alynyň hem oňa rehimi inip, öz köýneginiň ýeňiniň içine salyp gizländigi hem-de kepderini ölümden halas edendigi barada tolgundyryjy setirleri arkaly şeýle beýan edýär:
Eý, laçyn, men Haýdaram,
Sahyby-lutpy-kerem,
Öz budumdan et berem,
Sen dileme kepderi!
Şu sözlerden soň laçyn «Siziň etiňizi men iýjek däl, ony iýmek biz üçin haram, men sizi synamak üçin geldim, goý, kepderi erkana ýaýnasyn, men oňa degmerin» diýip uçup gidipdir. Şeýdip, Aly kepderini ölümden halas edipdir. Şahyryň şu goşguda Alynyň laçyna ýüzlenip: «Kepderini almasaň, men saňa öz etimden kesip bermäne taýyn» diýen sözleriniň üsti bilen ýurdynyň haýwanat dünýäsine bolan çyn söýgüsini beýan edýär. Şahyryň çuň pikirlenmäge mejbur edýän şeýle şygyrlarynyň ýaşlarda ýyrdyň haýwanat dünýäsine söýgi döretmekde we olarda rehimdarlyk, ynsanperwerlik duýgusyny oýarmakda, olary tebigatyň baýlyklary bilen ysnyşdyrmakda ähmiýeti ulydyr.
Şahyr ýaşaýşyň gözbaşy, bol-elinligiň, eşretli durmuşyň sakasy bolan tebigatyň suw baýlygyny, onuň ähmiýetini, suwy rejeli ulanmagyň zerurlygyny wagyz-nesihat edýän şygyrlaryň hem ençemesini ýazypdyr. Magtymgulynyň ýaşan döwründe suw ýetmezçilginden adamlar köp kynçylyk çekipdirler. Bu barada şahyryň «Ýagmyr ýagdyr, soltanym» diýen goşgusyny okanyňda göz ýetirmek mümkin. Ol:
Kadyr Alla dökgün rehmet barany,
Ekiniň hemdesti, ýeriň ýaryny,
Ýeriň, gögüň, Arşyň, Kürsüň Suhany,
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr,Soltanym —
diýip, Alladan ýagyn ýagdyrmagyny, ekinleri suwsuzlykdan halas etmegi soraýar. «Şahyr: «Ekiniň hemdemi, ýeriň ýarany» diýen jümläniň üsti bilen suwy bijanlara jan berýän gudratyň baş sypaty hökmünde häsiýetlendirýär. Suwuň ýaşaýyş üçin zerurlygy barada şu sözlerden gysga, şondan manyly aýtmak mümkinem däl. Nusgawy şahyrymyz özüniň «Köňül joşundadyr» atly goşgusynda bolsa:
Üç essesi däli derýa,
Bir esse ýerde müň gowga,
Kim biler bu köne dünýä
Ýa Rep, niçe ýaşyndadyr?!-
diýip, öz ýaşan döwründe suwuň Ýer ýüzüniň näçe bölegini tutandygy barada maglumat berýär. Ylmy maglumatlar görä, häzirki wagtda Ýeriň suwly bölegi ýa-da dünýä ummanlary Ýeriň üstüniň üçden iki böleginden gowragyny tutýar. Beýik şahyr ýene-de şol goşgusynda:
Kimdir bu dünýäde galan,
Maňa çyndyr, size ýalan,
Bir akdyr, bir agar ýylan,
Süleýmanyň gaşyndadyr.-
diýen setirleriň üsti bilen, tebigatyň hadysalary bolan gije hem-de gündiziň çalyşmagy barada gyzykly düşünje berýär. Magtymguly Pyragy diňe bir şygyr ýazmagyň ussady bolman, ol öz halkyna durmuşyň düýp manysyna düşünmäge, göz ýetirmäge, bu älem-jahany, onuň baýlyklaryny söýmäge kömek edýän, ylymyň dürli ugurlaryndan habarly akyldar şahyrdyr. Munuň şeýledigine ýönekeý mysalyň üsti bilen düşündirse bolar. Ýagny, Magtymguly Pyragynyň hemmeler mälim «Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?!» diýen setirindäki sözleriniň her kim öz pikirine, görä «çözgüdini» berýär. Meýdanda gezip ýören adamlar onda ýaz ýagşy ýagyp, dünýä suw sil bolup durka, ýyldyrym çakyp göz açyp ýumasy salymda tüm garaňkylygy ýagtyldýan ody görýär. XX asyryň dowamynda suwuň akarynyň öňünde bent gurup, soňra beýikden pese bat bilen inýän suwy turbinalara gönükdirip, çarhlary aýlap, elektrik togunyň öndürilýändigini görenler, eşidenler, kitaplardan okanlar: «Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşap geçendigine garamazdan, özünden has soňraky döwürde suwdan ot, ýagny elektrik toguny alyp boljakdygyny hem bilipdir» diýýärler.
Käbir fizika we himiýa ugrunda işleýän adamlar: «Magtymguly Pyragy fizika, himiýa ylymlaryndan oňat baş çykarýandygy üçin şol setirleri ýazypdyr. Wodorod hem geliý ýaly himiki jisimleriň, suwuk halda bolsalar-da, reaksiýa girip, güýçli partlaýyş döredip, ot sowurmaga ukyplydygyny bilipdir» diýýärler.
Islendik ösümlik suwsuz gögerip, ösüp bilmeýär. Hatda suwuň içinde topraksyz ýagdaýda-da ot bitýär. Magtymguly Pyragy suwuň içinde gögeren ody däl-de, oty görüp, şony «gudrat» hökmünde teswirleýär hem diýip bolar. Magtymgulynyň goşgylarynda tebigatyň kanunlary, kanunalaýyklyklary dogry çözgüt tapýar. Şonuň üçin-de türkmen halky öz dana ogly Magtymguly Pyraga «Hakdan içen» diýýär.
Magtymguly Pyragynyň goşgularynda tebigat we onuň baýlyklarynyň çeper suratlandyrylmagy onuň döredijiliginiň durmuşylygyny, dünýewiligini ýokary derejä galdyrýar, onuň watan söýüjiligine ynsanperwerligine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Magtymgulynyň goşgy setirlerinde beýan edýän pikirlerinde tebigata we baýlyklaryna bolan çäksiz söýgisi, mähri ýatyr. Ol öz şahyrana setirlerinde tebigaty we onuň baýlyklaryny guwanç, buýsanç bilen wasp edip, adamlarda olara bolan söýgi, rehimdarlyk duýgularyny oýarmaga çalyşypdyr. Şahyryň goşgularyny okanyňda, tebigatyň ösümlik, haýwanat, toprak, suw we beýleki baýlyklary bolmasa janly-jandarlaryň ýaşap bilmejegini duýmaga, olary olary rejeli ulanyp gorap saklamagyň möhümdigine düşünmäge, olar barada oýlanmaga mejbur edýär, ýaşaýşa, gözel tebigata bolan söýgiňi artdyrýar.
Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylaryna, talyplaryna biologiýa, geografiýa, himiýa fizika sapaklarynda magtymgulynyň tebigat bardaky şygyrlarynyň öwredilmegi, olaryň bu dersler boýunça bilimlerini maglumatlara baýlaşdyrmaga, çuňlaşdyrmaga, ylmy dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge, olara , watançylyk, ahlak, gözellik terbiýesini bermäge kömek edýär. Çünki, beýik şahyryň tebigat we onuň baýlyklary baradaky şygyrlary ýaşlarda tebigatyň baýlyklaryna söýgi döretmäge ýardam edýän terbiýe mekdebidir.
Tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanyp, aýap saklamak we köpeltmek barada Magtymguly Pyragynyň eden arzuwlary Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşdy. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly gatnaşyk saklamak, onuň baýlyklaryny aýawly ulanyp, köpeltmäge kömek etmek bardaky asylly däplerine sarpa goýýan, Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gözel tebigatyny onuň daglaryny, topragyny, ösümlik, haýwanat dünýäsini, suw we beýleki baýlyklaryny ylmy taýdan öwrenmäge, gorap saklamaga we köpeltmäge uly üns berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň miras goýup giden, şygyrlara siňen paýhasly çeşmelerini içgin öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Gülşat RÖWŞENOWA,
Çärjew etrabyndaky 52-nji orta mekdebiniň mugallymy.