JEMGYÝET

Türkmenistan BAE-nyň syýahatçylar üçin «ýaşyl sanawynda

Birleşen Arap Emiratlarynyň ýolbaşçylygy Türkmenistany Abu-Dabä gitmek üçin karantinsiz «ýaşyl» sanawa goşdy. Iýunda bu sanawa 31 döwlet girýärdi, häzirki wagtda olaryň sany 35-e çenli köpeldi, diýip, «thenationalnews.com» neşirine salgylanmak bilen «centralasia.news» habar berýär. Girizilen üýtgetmeler indi dürli ýurtlara syýahat etmek isleýän adamlaryň köp ýerlere baryp bilýändiklerini we Abu-Dabä gelenlerinden soň aýry-başga bolmagynyň hökman däldigini aňladýar. Mundan başga-da, bu daşary ýurtlara gitjek ýaşaýjylar üçin höweslendirme bolup hyzmat edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: