BILIM

Talyplar nazary mehanika boýunça Açyk halkara olimpiadada öňdäki orunlary eýelediler

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika boýunça geçirilen II Açyk halkara internet olimpiadasyna Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň bäşisi gatnaşyp, olaryň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Has takygy, institutyň talyplaryndan Atamyrat Sähedow bilen Aziz Muhammedow bäsleşikde üçünji orny eýelemegi başardylar. Atamyrat bäsleşikde 15 utuk toplap bilen bolsa, Aziz 14,5 utuk bilen tamamlady. Munuň özi ýokary netijedir. Çünki oňa dünýä döwletleriniň 17-sine wekilçilik edýän 75 sany ýokary okuw mekdebinden talyplaryň 479-sy gatnaşdy. Şolaryň diňe 131-si türkmenistanly, 348-si bolsa daşary ýurtly talyplardyr. Munuň özi dünýäniň bilim jemgyýetçiliginde Türkmenistanda geçirilýän halkara bilim bäsleşiklerine uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär.

Şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilen bäsleşige gatnaşyjylara jemi 8 mesele hödürlenildi. Ýeri gelende aýtsak, bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan 27 talybyň 11-si türkmenistanly ýaşlardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: