BIZE YAZYARLAR

Konsert

Türkmenistanyň Halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Atageldi Garýagdyýewiň bu günki gün Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň zalynda saz äleminiň baky ýyldyzyna öwrülen ajaýyp owazy ýaňlandy. Ýurdumyzda opera we konsert aýdymçysy hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan Atageldi Garýagdyýew dürli ýyllarda konsert çykyşlary bilen ýörite sungat mekdebimizde bolup, özüniň ussat ýerine ýetirijiligi bilen kalplary awlamasyny dowam edýär we täze döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek bilen paýlaşýar. Halypanyň yzygiderli konsert çykyşlary, ussatlyk sapaklary, berýän gyzykly gürrüňleri  mekdebiň talyplary we mugallymlary üçin görelde bolup, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň kämilleşmegine, bilim derejesiniň ösmegine uly ýardam berýär.

Bu günki konsertiň repertuarynda ynsan kalplaryny bogun-bogun söküp yzarlaýan eserler ýagny: Nury Halmämmedowyň “Maraljan”, “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, “Aşgabat”, Daňatar Hydyrowyň “Özgeleri diňledim”, “Gyzlaryma”, “Şadyýan gün”, Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Älemgoşar” ýaly eserleri halypanyň ussatlarça ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlandy.  Repertuaryň mazmunynda diňe bir türkmen kompozitorlaryň eserleri bolman, eýsem, daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerine hem uly orun berildi. Joakkino Rossininiň “Sewil delligi” operasyndan meşhur Figaronyň kawatinasy, Muslim Magomaýewiň «О море море» sazlary professional derejede ýerine ýetirmek bilen konsertiň kontrast epizodlarynyň birine öwrüldi.

Dürli häsiýetde ýaňlanan eserleriň sýužetlerini beýan etmekde mekdebimiziň fortepiano bölüminiň mugallymy Merdan Annamyradowyň sazlaşykly sazandarlyk etmeginde bu meşhur aýdymlar ýaňlandy. Zehinli ussadyň üýtgeşik owazyny diňlemekden lezzet almak üçin bu ýere ýygnanan saz muşdaklarynyň ençemesi, ussada gül çemenlerini gowşurup, ýadygärlik surata düşdüler.

Ýurdumyzyň altyn baritonynyň belent owazy ýörite sungat mekdebiniň zalynda ýaňlanmagy lebap iliniň saz muşdaklarynda buýsanç duýgusyny döretdi. Kalbyňy ganatlandyrýan eserleri halka ýetirýän ussat halypanyň mundan beýlägem owazynyň belentden-belent ýaňlanmagyny, hem-de şeýle ýatdan çykmajak pursatly konsertleri bilen bizi begendirip durmagyny arzuw edýäris!

Aziza Seýitkulyýewa

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň

mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: