Türkmen talyplary halkara olimpiada gowy netijeleri görkezdiler

Üstümizdäki ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim alýan talyplaryň uly topary Russiýa Federasiýasynyň Ýoşkar-Ola şäherinde geçirilen açyk halkara internet olimpiadasynda ýokary netijeleri görkezip, medallaryň birnäçesine eýe boldular.

Talyplar bu açyk halkara internet olimpiadasyna himiýa, fizika, ekologiýa, informatika, materiallaryň garşylygy, nazary mehanika dersleri boýunça gatnaşyp, on bir sany altyn, üç sany kümüş we dört sany bürünç medala eýe boldular. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.

Adblock
detector