BILIM

Türkmenistanly iňlis dili mugallymlary hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça onlaýn okuw tamamlandy

Göni wideoaragatnaşyk arkaly ABŞ-ly doktor Karin de Ýoň-Kananyň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary bilen geçiren hünär kämilleşdiriş okuwy tamamlandy. Iki hepde dowam eden okuwa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň iňlis dili mugallymlary hem gatnaşdylar.

Hanym Karin de Ýoň-Kanan türkmenistanly kärdeşlerini iňlis dilini gysga wagtyň içinde öwretmegiň hem-de okatmagyň iň täze döwrebap usullary bilen tanyşdyrdy. Lektor türkmenistanly mugallymlara bu ugurda öz toplan tejribesi barada hem gürrüň berdi. Okuwyň dowamynda mugallymlar  doktor Karin de Ýoň-Kanan bilen orta mekdeplerde iňlis dilini okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar. Olar wirtual okuw döwründe öwrenenlerini iş tejribesinde nähili ulanjakdyklary barada hem gürrüň berdiler.

Okuw «Google Meet» platformasynyň üsti bilen geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: