JEMGYÝET

Şu gün Türkmenistanda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Şu gün Türkmenabat şäherinden uzak bolmadyk ýerde Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» sagaldyş we dynç alyş merkezi Lebap welaýatynyň çagalarynyň ilkinji tapgyryny kabul etdi. Bu ýerde 150 çaga wagtlary şadyýan we gyzykly geçirer.

Bu ýyl çagalary dört tapgyrda kabul etmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, tomsuň dowamynda merkezde 600 çaga dynç alyp we saglygyny dikeldip biler. Bu ýerde oňat enjamlaşdyrylýan ýatylýan otaglar, dynç alyş otagalary, suwa düşmek üçin howuz, naharhana, aýdym-saz we kompýuter otaglary bar. Gyzlar tejribeli pedagogyň ýolbaşçylygynda el işleri bilen meşgullanyp bilerler. Kitaphananyň gaznasynda çeper edebiýatlar we gyzykly kitaplar bar. Dynç alyş döwründe çagalar bilen dürli oýunlary we bäsleşikleri geçirmek, welaýat merkezine we daş-töwerege gezelençleri guramak meýilleşdirilýär. Merkeziň aşpezleri bolsa çagalaryň öý naharyny küýsemezlikleri üçin elinden baryny edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: