JEMGYÝET

Ýaş maşgalalaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň Çärjew etrap bölüminiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr» atly bäsleşik geçirildi.

 Oňa ýaş maşgalalar gatnaşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» kitabyndan parçalary labyzly okamak, kitapda beýan edilen bir parçany ýokary derejede ussatlyk bilen sahnalaşdyrmaly, ürkmen halkyna mahsus bolan däpleri ýerine ýetirmek boýunça şertleri ýerine ýetirdiler. Şonuň ýaly-da, olar Lebap welaýatynda galpak toýunyň edilişini sahnalaşdyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: