JEMGYÝET

Adatdan daşary ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak boýunça türgenleşik okuwy geçirildi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işgärleri welaýat häkimliginiň ýerli dolandyryş edaralary hem-de welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirligi bilen bilelikde Kerki etrabynda adatdan daşary ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak boýunça türgenleşik okuwy geçirildi.

Onda ilaty adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara hem-de tehnogen hadysalara taýýarlamak, olary howpsuz guşaklyga göçürip ýerleşdirmek, halk köpçüligini wagtynda habarly etmek, şol ýagdaýlarda özüňi alyp barmaklygy we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligi öwretmek boýunça giň gerimli amallar ýerine ýetirildi.

Ýer titremeleri, suw joşgunlary, gurakçylyk, açlyk, wulkanlaryň ýarylmalary, gazyň syzyp çykmagy, süýşgünler, tokaýlaryň ýanmagy ýaly dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda esasy ýerine ýetirmeli ädimler barada aýdyldy. Şeýle hem, tebigy betbagtçylyklar bolanda we ondan soňky döwürde dogry hereket etmek, her bir raýatyň özüni alyp barmagynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: