JEMGYÝET

Täze ýyl žurnaly çagalaryň bilesigelijiligini kanagatlandyrar

Türkmenistanyň Döwlet telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa komitetiniň «Mahabat» dolandyrmasy çagalar üçin özboluşly sowgat taýýarlady. Ol «Zehin soraglary» atly ýörite baýramçylyk žurnalyny çapdan çykardy.

Onda çagalar üçin peýdaly ýumuşlar köp. «Labirint» ýumşy, suratlaryň arasyndaky tapawutlary tapmak boýunça ýumuşlar, sanawaçlar çagalaryň aň taýdan ösmegine we arifmetiki endikleriniň berkemegine kömek ederler. Şonuň ýaly-da, onda täze ýyl baýramyny geçirmek, arzuwlary hökman ýerine ýeter ýaly edip beýan etmek ýaly we başga-da köp maslahatlar we maglumatlar bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: