Lebapda «Daýhanbankyň» 263 bankomaty işleýär
Şu ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýyna görä, Lebap welaýatynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna degişli bankomatlaryň 263-si işleýär. Bu bolsa welaýatda iň köp bankomatyň «Daýhanbanka» degişlidigini görkezýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň berýän maglumatlaryna görä, bu bankyň Mary welaýatynda 275, Daşoguz welaýatynda 196 bankomaty bardyr. Şeýlelikde, Lebap welaýaty «Daýhanbankyň» bankomatlarynyň sany boýunça Türkmenistanyň sebitleriniň arasynda ikinji orny eýeleýär.
Umuman, ýokarda görkezilen senä çenli geçirilen hasabatlara görä, Türkmenistanda «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna degişli bankomatlaryň 1022-siniň ilata hyzmat edýändigi belli boldy. Bu bolsa ikinji orny eýeleýän «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň (437) bankomatlaryndan hem iki esseden hem kändir.