SPORT WE SYÝAHAT

Şu gün Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň küşt boýunça toparlaýyn açyk birinjiligi başlandy

Sportuň küşt we şaşka görnüşlerine ýöriteleşdirilen bu sport mekdebinde Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän ýaryşa ýaş küştçüleriň 72-si gatnaşýar. Olar toparlaryň 12-sine bölünip, özara bäsleşýärler. Açyk birinjilige welaýat merkeziniň, şeýle-de Dänew, Farap etraplarynyň ezber küştçüleri gatnaşýarlar. Olaryň arasynda dünýä, yklym, ýurt derejelerinde geçen bäsleşiklerde üstünlikli çykyş eden zehinli küştçüleriň birnäçesi bar.  Gyzykly ýaryş ajaýyp baýramyň öňüsyrasynda ― 30-njy dekabrda tamamlanar.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: