SPORT WE SYÝAHAT

Welosipedçiler Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler

Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň welosport bilen meşgullanýan türgenleri tälimçileriniň ýolbaşçylygynda aprel aýynda geçiriljek şosse boýunça ýurduň çempionatyna taýýarlyk görýärler.

Bu sport mekdebi welaýatda welosport bilen meşgullanylýan ýeke-täk tälim ojagydyr. Şu günler sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenler tälimçiler Jalil Orunowyň we Şöhrat Egenowyň ýolbaşçylygynda öňde duran ýaryşlara taýýarlanýarlar.

Häzirki wagtda mekdepde welosport boýunça türgenleriň 40-a golaýy türgenleşýär. Şolaryň 30-dan gowragy bolsa eýýäm milli derejeli ýaryşlara gatnaşyp ýören türgenlerdir. Olaryň arasynda Türkmenistanyň iki gezek çempiony Döwlet Orunow we Denis Konoreýkin, Şatlyk Şöhradow, Maksat Merdanow ýaly ýaşlaryň beýleki ýoldaşlaryna hem görelde bolýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: